Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän “Dik Aý” hususy kärhanasy ýokary hilli ýaýjykly mebel düşekleriniň önümçiligini ýola goýup, önümçiligiň görnüşlerini artdyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
“Dik Aý” hususy kärhanasynda önümçilik iki ýyl ozal işe girizilip, kärhananyň önümleri häzirki wagtda çagalar baglaryna, hassahanalara, myhmanhanalara hem-de hususy mebel öndürijilerine iberilýär.
Kärhanada Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlar arkaly 10-dan gowrak görnüşli ýaýjykly mebel düşekleri öndürilýär. Önümçilik kuwwaty bir iş çalşygynda 20-ä golaý düşek taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Önümçilikde ulanylýan çig mallaryň aglabasynyň Türkmenistanyň özünde öndürilýär.
“Dik Aý” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Yslam Hudergenowyň bellemegine görä, önümleriň ýokary hili we elýeterli bahasy içerki bazarda islegiň artmagyna ýardam berýär. Kärhana döwlet edaralary, hususy mebel öndürijileri we telekeçiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda uly möçberli sargytlary ýerine ýetirýär.

















