“Fitch” Türkmenistanyň karz reýtinginiň durnuklylygyny “BB-“ derejesinde tassyklady

BT
“Fitch” Türkmenistanyň karz reýtinginiň durnuklylygyny “BB-“ derejesinde tassyklady
“Fitch Ratings”-iň ştab kwartirasy, Nýu‑Ýork, ABŞ (Surat: aa.com.tr)

Halkara reýting agentligi “Fitch Ratings” Türkmenistanyň daşary we milli walýutadaky uzak möhletli emitentiň reýtinglerini (IDR) durnukly çaklama bilen “BB-” derejesinde tassyklady. Iki walýuta boýunça gysga möhletli reýtingler “B” derejesinde, ýurduň iň ýokary reýting çägi (“country ceiling”) bolsa “BB-“ derejesinde tassyklandy. Bu barada “Fitch Ratings” agentliginiň reýting çäreleri baradaky teswirlerlerinde habar berilýär.

“Fitch”-iň bellemegine görä, Türkmenistanyň reýtingleri örän güýçli döwlet balansyna, “BB” we “B” derejeli ýurtlaryň arasynda jemi daşary ýurt serişdeleriniň jemi içerki önüme (JIÖ) bolan iň ýokary gatnaşygyna hem-de döwlet karzlarynyň iň pes derejesine eýedir. “Fitch” munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dördünji orunda durýandygyny hem möhüm faktor hökmünde görkezdi.

Agentligiň çaklamasyna görä, Türkmenistanyň arassa daşary ýurt serişdeleri 2027-nji ýyla çenli JIÖ-niň 59,3 göterimine barabar bolar. Bu görkeziji “BB” we “B” derejeli döwletler boýunça ortaça derejeden ep-esli ýokary bolar. Şeýle hem, 2026–2027-nji ýyllarda häzirki hasap boýunça girdejileriň çykdajylardan ortaça JIÖ-niň 1,2 göterimi möçberinde artyk bolmagyna garaşylýar.

Şeýle hem, “Fitch” 2026–2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň walýuta ätiýaçlyklarynyň reýting berýän ýurtlarynyň arasynda iň ýokary derejesinde bolup, daşary ýurt töleglerini 46 aýlap doly amala aşyrmaga ýetjekdigini çaklaýar. Seljerijileriň baha bermegine görä, 2027-nji ýylda daşary karz boýunça tölegler ýurduň häzirki daşarky girdejileriniň 3,9 göterimini düzer. Şol ýylyň ahyryna çenli ýurduň umumy karzy JIÖ-niň (jemi içerki önümiň) 2,7 göterimine çenli peseler. Bu görkeziji “BB” derejeli ýurtlaryň aglabasynyň görkezijilerinden ep-esli pes bolar.

“Fitch”-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň haryt eksportynyň takmynan üçden iki bölegini tebigy gaz önümçiligi düzýär we bu görkeziji 2026–2027-nji ýyllarda umuman durnukly saklanar. Hytaý uzak möhletli şertnamalar boýunça durnukly islegiň hasabyna türkmen tebigy gazynyň iň iri eksport bazary bolmagynda galar. Şeýle hem, “Fitch” 2026-njy ýylyň aprel aýynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşygynyň başlanandygyny belledi. Bu taslama durmuşa geçirilenden soň, gaz önümçiliginiň ýyllyk kuwwatynyň 10 milliard kub metre artmagyna garaşylýar.

“Fitch Ratings” — ýurtlaryň, kompaniýalaryň we maliýe gurallarynyň karz ukybyny bahalandyrýan öňdebaryjy halkara reýting agentlikleriniň biridir. “Fitch” “S&P” we “Moody’s” bilen bilelikde dünýäniň iň iri üç reýting agentliginiň hataryna girýär hem-de onuň bahalandyrmalary halkara maliýe bazarlarynda giňden ulanylýar.

2022