Gazagystan suw howdanyny gorap saklamak boýunça maksatnamanyň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli Demirgazyk Aral deňzine ýene 1,2 milliard kub metr suw goýbermegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Nurjan Nurjigitow Gyzylorda welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Aral etrabynyň balykçylary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrligi habar berýär.
“Biz Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýäris. Munuň üçin Bütindünýä banky bilen bilelikdäki taslamanyň ikinji tapgyry işlenip düzüldi. Taslamanyň çäginde deňizdäki suwuň derejesini we möçberini ýokarlandyrmak maksady bilen Kokaral bendiniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar” diýip, Nurjigitow belledi. Şeýle hem ol häkimiýetleriň 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk Aral deňzindäki suwuň möçberini 34 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan şu güne çenli Syrderýa arkaly Demirgazyk Aral deňzine 1,4 milliard kub metr suw goýberildi. Häzirki suwaryş möwsüminde bolsa Demirgazyk Aral deňzine sekuntda 40 kub metr suw akdyrylýar.
Häzirki wagtda deňizdäki suwuň möçberi 23,5 milliard kub metre barabardyr. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Demirgazyk Aral deňzindäki suwuň duzlulygy ortaça 10 göterim peselip, 7,9 promille ýetdi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Aral deňiziniden 4,2 müň tonna balyk tutuldy.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, uzynlygy 13 kilometr bolan Kokaral bendi 2005-nji ýylda bankyň maliýe goldawy bilen guruldy. Taslama Demirgazyk Aral deňzindäki suwuň derejesini ýokarlandyrmaga we onuň duzlulygyny iki essä golaý azaltmaga mümkinçilik berdi.

















