Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy anna güni Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de söwda, maýa goýum we işewürlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, geljekde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

















