Türkmenistanyň DIM-i Hazar deňzindäki hüjümiň ýol berilmesizdigini belledi

BT
Türkmenistanyň DIM-i Hazar deňzindäki hüjümiň ýol berilmesizdigini belledi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy, Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada çap edilen maglumatlar boýunça beýanat berdi.

Daşary syýasat edarasy öz beýanatynda Hazar sebitinde şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini nygtady.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybirligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini belleýär.

Beýanat duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy tarapyndan çap edildi.

2022