Özbek wekiliýeti gurluşyk harytlaryny öndürýän türkmen kompaniýalary bilen tanyşdy

BT
Özbek wekiliýeti gurluşyk harytlaryny öndürýän türkmen kompaniýalary bilen tanyşdy
“Ak bulut” hususy kärhanasynda önümçilikden pursat (Surat: www.akbulut.com)

Aşgabatda 27-29-njy iýul aralygynda dowam edýän türkmen-özbek işewürlik maslahatynyň çäklerinde sişenbe güni özbek wekiliýeti “Ak gaýa gurluşyk” we “Ak Bulut” kärhanalaryna baryp, olaryň önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmen-özbek işewürler maslahatynyň ikinji güni iki ýurduň söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde gurluşyk hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy. Özbegistanyň işewür toparlarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerine “Ak gaýa gurluşyk” kärhanasynda gury gurluşyk garyndylaryny, gipsokartonlary, şeýle hem timarlaýyş we lak-boýag önümlerini öndürmegiň tehnologik mümkinçilikleri görkezildi.

Şeýle hem özbek wekiliýeti, asma potolok ulgamlaryny we gurluşyk profillerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan “Ak Bulut” hojalyk jemgyýetine baryp gördi. Kärhana 2025-2026-njy ýyllaryň dowamynda Özbegistana 120 million inedördül metrden gowrak asma potolok, şeýle hem gipsokarton listlerini we gury gurluşyk garyndylaryny eksport edendigi barada maglumat berildi.

Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda B2B gepleşikleri geçirildi. Taraplar çig malyň we taýýar önümleriň üpjünçiligi, şeýle hem bilelikdäki kooperasiýa taslamalaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022