Türkmenistanda türkmen-eýran serhedindäki “Sarahs awtoýollary” gümrük nokady döwrebaplaşdyryldy

BT
Türkmenistanda türkmen-eýran serhedindäki “Sarahs awtoýollary” gümrük nokady döwrebaplaşdyryldy
Türkmen-eýran serhedindäki durky täzelenen Türkmenistanyň “Sarahs awtoýollary” gümrük nokady (Surat: TDGG)

Türkmenistanda serhetýaka gümrük nokatlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň çäginde türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän “Sarahs awtoýollary” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.

Gurluşyk işleriniň barşynda gümrük nokadynyň çäklerindäki binalar we desgalar abatlanyp, ulag geçirijiliginiň artmagyna mümkinçilik berýän şertler döredildi. Şeýle hem ulaglaryň we harytlaryň hereketine gözegçilik etmek hem-de olary hasaba almak üçin sanly dolandyryş ulgamy işe girizildi.

Döwlet gümrük gullugynyň bellemegine görä, bu ulgam gümrük nokadyndan geçýän awtoulaglara we ýüklere ygtybarly gözegçiligi üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň gümrük serhedinden has çalt geçirilmegine giň  mümkinçilik berer. Birnäçe halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän “Sarahs awtoýollary” gümrük nokady ulaglaryň hem-de ýükleriň üstaşyr geçirilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Bu taslama Türkmenistanyň serhet geçelgelerini tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ýurduň üstaşyr ulag kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde durmuşa geçirildi. Mundan başga-da şu ýyl “Garabogaz” we “Artyk” gümrük nokatlarynyň hem durky täzelenip, ulanylmaga berildi.

2022