Türkmenistanyň Merkezi Garagumynda ýerleşýän “Çemmerli” gaz käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň buýurmasy boýunça “Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan “Çemmerli” gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga çenli burawlandy. Synag işleriniň netijesinde 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan bir gije-gündizde 150–200 müň kub metrden gowrak tebigy gaz akymy alyndy.
Şeýle hem täze gaz akymynyň alynmagy “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginde buraw işleriniň döwrebap tehnologiýalar esasynda alnyp barylýandygyny we önümçilik işleriniň kämilleşdirilýändigini görkezýär.
Merkezi Garagumda ýerleşýän “Çemmerli” gaz käninde täze gaz akymynyň alynmagy ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Habarda bellenilişi ýaly, täze nebit we gaz ýataklarynyň ýüze çykarylmagy hem-de özleşdirilmegi tebigy gazyň goşmaça möçberlerini almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň energiýa serişdelerini eksport ediji döwlet hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

















