“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralny Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Bäsleşige degişli resminamalarda görkezilen talaplara laýyk gelýän, bu ugurda azyndan 10 ýyl iş tejribesi bolan öndürijiler ýa-da lisenziarlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar TNGIZT-de ýol we gurluşyk bitumlaryny öndürmegiň tehnologik işini kämilleşdirmek boýunça çözgütlerini hödürlemeli. Bäsleşik boýunça resminamalar resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Bäsleşik barada maglumatlary we tehniki resminamalary www.oilgas.gov.tm hem-de www.turkmennebit.gov.tm resmi internet sahypalaryndan alyp bolýar.

















