Gazagystanyň Astana şäherinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýokary derejeli wekilleriň üçünji duşuşygy geçirilip, sammitiň maksatnamasynyň we gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministrligi şenbe güni habar berdi.
Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Gyrgyzystanyň Astana şäherindäki ilçisi gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar sammitiň mazmuny we gün tertibi boýunça esasy ugurlary ylalaşdylar. Şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

















