Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda welosiped ýörişinde (Surat: TDH)

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi özgeren “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çägini synlady. Habarda bellenilişi ýaly, deňiz kenarynda ekologiýa derejesini saklamak boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara maslahatlaryň, forumlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezleriniň birine öwrüldi. Şeýle hem deňiz kenarynda sport çärelerini yzygiderli geçirmek üçin şertler döredildi.

Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Deňiz kenarynda döredilen dynç alyş zolaklarynda şypahanalar, myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottejler, köpugurly sport toplumlary we meýdançalar hereket edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda arassaçylygyň we ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine, şeýle hem dynç alýanlaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Zolagyň çäginde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek we ynsan saglygyny berkitmek üçin hem degişli mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär.

2022