Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň duşuşygy, (Surat: arg.gov.af)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparynyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşyp, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň hem-de onuň möhüm bölegi bolan Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm taslamalarynyň biridigini bellediler. Owgan tarapy TOPH boýunça gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar TOPH taslamasynyň, şeýle hem TOP ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň diňe bir ykdysady däl, eýsem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilatyny energiýa çeşmeleri bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek we owganystanly maýa goýujylar üçin tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek boýunça amatly şertleri döretmek babatda mümkinçilikleri giňeltjekdigini belledi. Şeýle hem TOPH taslamasy bilen bagly işleri çaltlandyrmak üçin iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy üpjün edýän bilelikdäki guraly ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Owganystana ibermek bilen bagly mümkinçilikleriň Hyrat welaýatynda iri senagat zolagyny özleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmäge şert döredip bilinjekdigi bellenildi. Şeýle hem bu taslamalaryň täze iş orunlaryny döretjekdigi we goňşy ýurtda ykdysady ösüşe ýardam etjekdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ulag-infrastruktura we elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy sebitde energetika we sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem taraplar bu ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

2022