Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Owganystanyň “Afghan Gas” döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu Ähtnama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypa bolup, bu resminama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Iki ýurduň döwlet korporasiýalarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana amala aşyran iş saparynyň çäginde gol çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda taraplar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem “Lapis Lazuli” we beýleki halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşyklarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekdäki ähmiýeti hem bellenildi.

















