Tähranda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

BT
Tähranda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahat, 2026-njy ýylyň 11-nji awgusty, Tähran, Eýran (Surat: Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy)

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda 2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy habar berdi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak we daşky gurşawyny goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda türkmen ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Hazar deňzine degişli meseleleriň ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Hazarýaka döwletleriniň arasynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy nygtaldy.

Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazar deňziniň ekologik meselelerine bagyşlanan döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda bu möhüm halkara duşuşygyň Hazar deňzini gorap saklamak we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem duşuşygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek baradaky başlangyjy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022