Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

BT
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
“Türkmentel-2025” halkara maslahaty, 2025-nji ýylyň 12-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.

Forumyň we serginiň guramaçylary hökmünde "OGUZ Forum & Expo"-nyň düzümine girýän “Talwas ýoly” ÝGPJ, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, Demir ýol ulaglary ministrligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy, Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugy, Ulag-logistika merkezi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýärler.

Foruma bagyşlanan işewürlik maksatnamasynda ulag infrastrukturasyny we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, multimodal ýük daşamalary we pudagy sanlylaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler. Forumda aýratyn üns beriljek ugurlaryň hatarynda Orta geçelgäni we Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ugurlary ösdürmek, ulag infrastrukturasyna maýa goýum mümkinçilikleri, howa ýük daşamalary hem-de durnukly ulag çözgütleri bar. Forum döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini, maýadarlary, logistika operatorlaryny we tehnologik çözgütleri üpjün edijileri bir ýere jemlär.

Guramaçylaryň çaklamalaryna görä, ITTC 2026 forumyna 25-den gowrak ýurtdan 500-den köp wekil, 1 müňden gowrak hünärmen we 100-den gowrak kompaniýa gatnaşar. Forumyň çäklerinde B2B we B2G görnüşlerinde işewür duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda forum we sergi üçin hasaba alyş başlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022