Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 44 million 590 müň ABŞ dollaryna deň bolan karbamid satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
BAE-niň, Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen “B” kysymly karbamidini satyn almak boýunça jemi 8 sany geleşik baglaşdylar.
Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 633 müň manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

















