“Hasar” süýji-köke önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

BT
“Hasar” süýji-köke önümleriniň görnüşlerini artdyrýar
“KIDS EXPO 2026” halkara sergi-ýarmarkasynda “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy, 2026-njy ýylyň 19-njy awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

“Hasar” hojalyk jemgyýeti önümçilik kuwwatyny we önüm görnüşlerini yzygiderli giňeldip, häzirki wagtda 200-den gowrak görnüşli süýji-köke önümlerini öndürýär. Bu barada kärhananyň hukukçysy Leýla Ergeşowa Aşgabatda geçirilýän “KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda “Biznes Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda habar berdi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Hasar” hojalyk jemgyýeti önümleriniň hataryna kiçi görnüşli “Coconut” kokosly süýjilerini, kiçi gapdaky petir kökelerini, “Gaýmakly” kökesini we dürli tagamly “Bally” iris süýjülerini hem goşmak bilen öz önümçiliginiň gerimini has hem artdyrdy. Önümçiliginde ýokary hilli tebigy çig mallary ulanýanlygy bilen tapawutlanýan kärhana 25 ýyldan gowrak wagt bäri öz önümlerini Türkmenistanyň bazarlarynda tanadyp gelýär.

“Hasar” önümçilige başlan ilkinji ýyllaryndan bäri önüm görnüşlerini yzygiderli giňeltmeklige aýratyn üns berip, önümçilik hatarlaryna Germaniýadan we Italiýadan getirilen täze enjamlary ornaşdyrdy. Kärhanada karamel, şokolad örtükli, želeli süýjüleriň, şeýle hem täze görnüşli kökeleriň önümçiligi ýola goýuldy. 2008-nji ýylda kompaniýanyň süýji-köke önümleri daşarky bazarlara eksport edilip başlandy.

2012-nji ýylda täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi bilen “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik mümkinçilikleri has-da giňeldi. Kärhanada köke, süýji, karamel, wafli, şokoladly-wafli tortlary, marmelad we iris ýaly 100-den gowrak görnüşli önüm öndürilip başlandy. Soňky ýyllarda önümçilik hatarlarynyň giňeldilmegi netijesinde täze süýji görnüşleri we plitkaly şokoladlar hem-de wafli önümleri öndürilip başlandy.

Kärhananyň önümçilik ösüşi onuň halkara bazarlaryna çykmagyna hem mümkinçilik berdi. “Hasar” kärhanasynyň önümleri Owganystan, Yrak, Päkistan, Hytaý, Gazagystan, Saud Arabystany, Oman, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Täjigistan, Gyrgyzystan we Russiýa ýaly ýurtlara eksport edilip, 2017-nji ýylda kompaniýa ISO 9001-2015 we ISO 22000-2005 halkara şahadatnamalaryna eýe boldy. Şeýle hem “Hasar” Moskwadaky “World Food”, BAE-de, Germaniýada we Stambulda geçirilen halkara sergilere gatnaşdy.

2022