Türkmenistanda azyk we alkogolsyz içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalaryň ikisi Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän “F Istanbul 2026” halkara azyk we içgi önümleri sergisine gatnaşýar.
Serginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, iýmit, alkogolsyz içgileri hem-de gaýtadan işlemek we gaplamak ugrunda iş alyp barýan kompaniýalaryň 1000-den gowragyny bir ýere jemleýän “F Istanbul” sergisi 26–29-njy awgust aralygynda Stambul Expo merkezinde geçirilýär. Bäşinji gezek geçirilýän sergä 18 ýurduň öňdebaryjy azyk we içgiler ugrunda iş alyp barýan kompaniýalary gatnaşýar.

“Tükel” alkogolsyz içgileriniň öndürijisi bolan “Çäksiz lezzet” hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda agyz suwy we gazly içgiler bazaryndaky öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Arçalyk” kompaniýasy bu halkara sergide öz harytlary bilen tanyşdyrýarlar
Azyk senagatynda öndürijileri, satyjylary, alyjylary, lomaý satyjylary we distribýutorlary bir ýere jemleýän “F Stambul 2026” halkara sergisi täze söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.

















