Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky orta mekdepde ilkinji jaň dabarasy, 2023-nji ýylyň 1 sentýabry (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026–2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mugallymlary, bilim işgärlerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalarynyň, şeýle hem welaýatlarda döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açyljakdygyny belledi. Şeýle hem ilkinji gezek mekdebe gadam basýan okuwçylara “Bilimli” noutbuk kompýuterleriniň sowgat beriljekdigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaş nesilleri sowatly, giň dünýägaraýyşly we häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji şahsyýetler hökmünde kemala getirmek boýunça nusgalyk işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we hünär bilimi edaralarynyň yzygiderli gurulýandygyny belläp, milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň ýurduň aýdyň geljegidigini nygtap, olaryň täze okuw ýylynda döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport hem-de döredijilik festiwallarynda ýokary netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalydyklaryny belledi.

Döwlet Baştutany mugallymlaryň we bilim işgärleriniň ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, täze okuw ýylynda bilim bermegiň ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine üns çekdi.

Serdar Berdimuhamedow mugallymlary, bilim işgärlerini, talyplary we okuwçylary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş hem-de okuwlarynda we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022