Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 102 milliard 931,63 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 362,32 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2026-njy ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 46 milliard 791 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 46 milliard 838 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 344 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 16 milliard 790,65 million manada ýetdi.
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 35 milliard 795,78 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji awgust ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 28 milliard 733 million manada ýetdi.

















