Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew 2-nji sentýabrda “US Open” tennis çempionatyna gatnaşmaga Nýu-Ýorka gelen “World Tennis”-iň (öňki ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşdy. Duşuşykda 2027-nji ýylda “World Tennis”-iň ýetginjekler tennis ýaryşlaryny Türkmenistanda geçirmekligiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny taýýarlamak, sport guramalarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegini iki ýurduň sport guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde belläp, Türkmenistanyň BMG-niň çägindäki sport diplomatiýasyna goşandyny nygtadylar. Şeýle hem, BMG-nyň Oýunlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler barada hem pikir alşyldy.
“World Tennis”-iň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, 18 ýaşa çenli türgenler üçin geçirilýän ýetginjekler tennis ýaryşlary ýaş tennisçileriň halkara derejede tejribe toplamagyna we professional tennis ulgamyna geçmegine mümkinçilik berýän ýaryşlar tapgyrydyr. 2024-nji ýylda bu halkara ýaryş 130 ýurtda 980 töweregi ýaryşlaryň geçirilmegi bilen aýratyn tapawutlandy.

















