Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow penşenbe güni “Neopharma LLC” farmasewtika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar farmasewtika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy habar berdi.
Duşuşykda derman serişdelerini ibermek, hünär tejribesini alyşmak we tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem önümçilik mümkinçiliklerini ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere garaldy.
Ilçi türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, iki ýurduň saglygy goraýyş we farmasewtika senagaty boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň bellenen ugurlary boýunça, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, “Neopharma LLC” kompaniýasy 2003-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň üç yklymda ýerleşýän 10 önümçilik kärhanasy bar. Şeýle hem kompaniýa derman serişdeleriniň 100-den gowrak görnüşini öndürýär we önümlerini 50-den gowrak ýurda, şol sanda Ýakyn Gündogara, Afrika we GDA ýurtlaryna iberýär.

















