Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen Gaaga şäherinde geçiren duşuşygy, 2026-njy ýylyň 3-nji sentýabry, (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Gaaga şäherinde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, BMG-niň Tertipnamasyna, şeýle hem halkara meselelerini syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyp, ulag-logistika, port infrastrukturasyny ösdürmek, oba hojalygy we häzirki zaman agroönümçilik tehnologiýalary, energetika, ýokary tehnologiýalar hem-de senagat kooperasiýasy ýaly ugurlarda işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanma aýratyn bellenildi.

Duşuşykda bilim we diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistanyň Niderlandlaryň “Klingendal” Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň gün tertibine Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi we halkara atçylyk sport ýaryşlary boýunça öňde boljak çäreler hem girizildi. Niderland tarapy ýurtda ahalteke bedewlerine we türkmen halkynyň atçylyk däplerine bagyşlanan şeýle uly göwrümli çäräniň geçirilmegini mübärekledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen yzygiderli dialogy we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС