Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow anna güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Otuzowiç Hojamgulyýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy. Karara laýyklykda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine 2-nji derejeli ýurist Azat Şähergeldiýew bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletgeldi Gurbanmämmedowiç Mämmetamanow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesinden boşadylyp, 2-nji derejeli ýurist Sapaguly Rasulgulyýewiç Welbekow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.
Şeýle hem ýustisiýanyň geňeşçisi Batyr Rozmyradowiç Artykow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesine 2-nji derejeli ýurist Baýrammuhammet Çarymämmet ogly Ýaryýew bellenildi.
Mundan başga-da, 2-nji derejeli ýurist Şirguly Bäşimkulyýewiç Şirkulyýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

















