Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini COP17 sammitine çagyrdy

BT
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini COP17 sammitine çagyrdy
Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP 16) Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşyjylar, (Surat: ASEAN-yň Biodürlülik merkeziniň ýaşlar maksatnamasynyň wekili Brikko Iýanev Dýuma)

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda ony şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini hem nygtady. Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi we Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС