Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar toparynyň (LLDCs) başlyklygyna saýlandy. Bu karar 3-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş edarasynda geçirilen toparyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiller derejesindäki duşuşygynda biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Türkmenistanyň başlyklyk ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanar. Şeýle hem toparyň täze ýolbaşçylyk býurosynyň düzümine wise-başlyklyga saýlanan Azerbaýjan, Laos, Burundi, Çad, Ruanda we Paragwaý girdi.
Iki ýyllyk başlyklyk döwründe Türkmenistan toparyň işini utgaşdyrar we deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösüp barýan ýurduň umumy bähbitlerine wekilçilik eder. Toparyň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda energetika we ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, şeýle hem 2024–2034-nji ýyllar üçin “Awaza” Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmek bolar.
Ýolbaşçylyk býurosynyň soňky düzümi 24-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş edarasynda geçiriljek LLDCs-iň ministrler derejesindäki duşuşygynyň Jemleýji beýannamasynda tassyklanar.
Türkmenistanyň başlyklygyna taýýarlyk görmek maksady bilen 2026-njy ýylyň noýabr–dekabr aýlarynda Türkmenistan BMG-niň Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň müdirligi (OHRLLS) bilen bilelikde 2027–2028-nji ýyllardaky başlyklygyň ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlar. Resminamada öňümizdäki döwür üçin esasy ileri tutulýan ugurlar, başlangyçlar we amaly çäreler kesgitlener.

















