“Altyn nur zamany” kärhanasy önümleriň 30-a golaý görnüşini öndürýär

BT
“Altyn nur zamany” kärhanasy önümleriň 30-a golaý görnüşini öndürýär
“Altyn nur zamany” kompaniýasynyň öndürýän marinadlanan pomidorlary (Surat: Andreý Pakulow / “Altyn asyr” elektron gazeti)

Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Altyn nur zamany” hususy kärhanasynda aýna gaplarda önümleriň 30-a golaý görnüşi öndürilýär. Kärhananyň önümleriniň hatarynda konserwirlenen hyýar, pomidor we bolgar burçy, şeýle hem dürli görnüşli mürepbeler, goýaltmalar we miwe şireleri bar. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhana oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek bilen bir hatarda, olary gaýtadan işlemegi hem ýola goýdy. Şeýle hem kärhananyň öz ýyladyşhanasy we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen miwe we gök önüm önümlerini gaýtadan işleýän bölümi hereket edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana sarp edijileriň isleglerini göz öňünde tutup, önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldýär. Kärhananyň içerki bazarlara çykarylýan önümleri daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.

Kärhananyň işiniň ýene bir ugry kömelek önümçiligidir. Ozal habar berlişi ýaly, kärhananyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen obasynda ýerleşýän ýyladyşhanasynda kömelekler ösdürilip ýetişdirilýär. Öndürilýän hasylyň bir bölegi ter görnüşde satuwa çykarylyp, beýleki bölegi bolsa konserwirlenen görnüşde taýýarlanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022