Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin 568 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

BT
Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin 568 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar
Gurluşyk işlerinden bir pursat (Surat: TDH)

Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, zähmete bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen 568 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän işgärler üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary şäherinde nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi, onuň ilkinji tapgyrynda jemi 256 hojalyga niýetlenen sekiz sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurulýandygy bellenildi.

Şeýle hem Balkanabat şäherinde jemi 240 hojalyga niýetlenen 10 sany dört gatly, Türkmenbaşy şäherinde bolsa 72 öýli 12 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol taýýarlanan teklipleri makullap, Wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС