“Gyrawlysuw” hojalyk jemgyýeti 2027-nji ýylda “LORS” kysymly sowadyjylarynyň görnüşlerini giňeltmegi meýilleşdirýär. Kärhana söwda nokatlary we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin niýetlenen täze görnüşli sowadyjylary önümçilik sanawyna goşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada kompaniýanyň hünärmeni Aşgabatda 17-19-njy sentýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Häzirki wagtda kärhana “LORS” kysymly sowadyjylaryň 10 görnüşini öndürýär, ýyllyk önümçilik möçberi bolsa 10 müň töweregi enjama deňdir. Önümçilik sanawyna dik we kese görnüşli sowadyjylar, sowadyjy sergi tekjeleri hem-de doňduryjy enjamlar girýär. Önümleriň göwrümi takmynan 220 litrden 1300 litre çenli aralykda bolýar.
Şeýle hem kärhana 2027-nji ýylda täze görnüşli doňduryjy sergi tekjelerini we sowadyjy kameralary hödürlemegi meýilleşdirýär. Doňduryjy sergi tekjeleri –25 °C çenli temperaturada işlemäge niýetlenip, ol 500, 600, 800 hem-de 1100 litr göwrümli görnüşlerde öndüriler. Olaryň esasy aýratynlyklary energiýa tygşytlylygy, sessiz işlemek we gulplamak mümkinçiligi bolup, bu enjamlar dükanlar we söwda nokatlary üçin niýetlenýär.

Sargydyň talaplaryna laýyklykda täze önümçilik sanawyna ölçegleri saýlanyp bilinýän sowadyjy kameralar hem girer. Olar howanyň dinamiki aýlanyş ulgamy, energiýa tygşytlylygy we sessiz işlemek aýratynlyklary bilen üpjün ediler. Şeýle hem kärhana kameralary aýratyn sargyt boýunça dürli göwrümde we dizaýnda öndürmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu görnüşler, hususan-da, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin niýetlenendir.
Kärhana “LORS” kysymly sowadyjylaryň önümçiligine 2025-nji ýylyň sentýabrynda Mary welaýatyndaky kärhanasynda başlady. Önümçilik liniýalary Hytaýdan we Eýrandan satyn alnan sanly enjamlar bilen üpjün edilendir. Şeýle hem kompaniýanyň hünärmenleri bu enjamlarda işlemek boýunça degişli taýýarlyk işlerini geçdiler.
Häzirki wagtda “LORS” önümleri esasan içerki bazar üçin öndürilýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu enjamlara Owganystan, Özbegistan we Gazagystan bazarlarynda hem gyzyklanma bildirilýär.

















