Garagum sährasynda Awtomobil sport federasiýasynyň kubogy ugrunda ralli-reýd ýaryşy geçirildi

BT
Garagum sährasynda Awtomobil sport federasiýasynyň kubogy ugrunda ralli-reýd ýaryşy geçirildi
Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň Kubogy ugrunda geçirilen ralli-reýd ýaryşy, 2026-njy ýylyň 19-20-nji sentýabry, (Surat: Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy)

Türkmenistanyň Garagum sährasynda 19-20-nji sentýabr aralygynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ralli-reýd ýaryşy  geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy habar berýär.

Ýaryşyň gatnaşyjylary Ahal-Mary aralygy boýunça 372 kilometrlik menzili geçmek ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşige Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyndan hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginden jemi 9 sport ulagy gatnaşdy.

Ýaryşyň netijeleri boýunça birinji orny Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň "Nissan Patrol" kysymly sport ulagynda çykyş eden Maksat Daňatarow bilen Rejepmuhammet Annamuhammedow eýeledi. Ikinji orna federasiýanyň sport ulagynda çykyş eden Meýlis Abdullaýew bilen Baýram Annagulyýew, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Toyota Hilux” kysymly sport ulagynda çykyş eden Çaryýar Çaryýarow bilen Nurymyrat Hajymyradow mynasyp boldy.

Türkmenistanda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Mundan ozal 2026-njy ýylyň 27–28-nji iýunynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň çempionaty geçirilip, gatnaşyjylar Garagum sährasyndan geçýän umumy uzynlygy 358 kilometrlik menzili geçdiler.

2022