Dubaýda 29-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda energetika pudagynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we önümçiligiň netijeliligi meselelerine bagyşlanan “GOTECH 2026” forumy geçirilýär. Bu barada “Turkmen Energy Forum” (TEF) habar berýär.
Foruma kompaniýalaryň ýolbaşçylary, inženerler, tehnologiýa üpjün edijiler we bilermenler gatnaşýar. Olaryň hatarynda “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Mohammed Al Taýer, kompaniýanyň baş direktory Abdulkarim Ahmed Al Mazmi, Nebit inženerleri jemgyýetiniň 2026-njy ýyldaky prezidenti Jennifer Miskimins, “Crystol Energy” kompaniýasynyň baş direktory doktor Kerol Nahle hem-de “PETRONAS Carigali (Turkmenistan)” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi bin Ismail bar.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatlaşylýan esasy ugurlaryň biri täze tehnologiýalary synagdan geçirmekden olary senagat önümçiliginde giňden ulanmaga geçmekdir. Emeli aň, maglumatlary seljermek, awtomatlaşdyrmak we sanly çözgütler känleri dolandyrmakda, enjamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda, önümçiligiň netijeliligini artdyrmakda we önümçilik çözgütlerini kabul etmekde giňden ulanylýar. Şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak, uglerod zyňyndylaryny dolandyrmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak önümçilik hem-de maýa goýum çözgütleriniň möhüm bölegine öwrülýär.
“GOTECH 2026” forumy “Dragon Oil” kompaniýasynyň kabul ediji kompaniýa hökmünde goldaw bermeginde geçirilýär. Çärä beýleki halkara energetika we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşýar.
Aşgabat şäherinde 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “OGT 2026” konferensiýasy bu meseleleri maslahatlaşmak üçin indiki meýdança bolar. Habarda bellenilişi ýaly, konferensiýanyň gün tertibine “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Hazar sebitindäki maýa goýum mümkinçilikleri, gazy gaýtadan işlemek we nebithimiýa, tehnologiýalar, emeli aň we sanlylaşdyrmak, sebitara arabaglanyşyk hem-de energetikanyň durnukly ösüşi bilen bagly meseleler giriziler.












33318-90x604.png)


