Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko bilen duşuşygynda türkmen ýaşlaryny kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlyga höweslendirmek we kosmos ylmyny öwrenmäge gyzyklandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri kosmos giňişligini özleşdirmek we onuň mümkinçiliklerinden Türkmenistanyň ykdysady toplumyny hem-de milli ylmyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmekde peýdalanmak meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlaryny bu ugurdaky hyzmatdaşlyga höweslendirmek we olaryň kosmos ylmyny öwrenmegine gyzyklanma döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Oleg Kononenko türkmen ýaşlarynyň kosmosa bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we olaryň öňdebaryjy inženerçilik hünärlerini özleşdirmegine ýardam bermäge taýýardygyny bildirdi. Ol bu ugurlaryň goldanylmagynyň özünde uly ruhubelentlik we buýsanç döredýändigini belläp, "Dogduk Diýarymyzda taryhy ähmiýeti bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly hormatdyr” diýip, kosmonawt nygtady.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan kosmos giňişligini öwrenmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly ähmiýet berýär. Milli emeli hemranyň ilkinji gezek kosmos giňişligine çykarylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Gurbanguly Berdimuhamedow we kosmonawt Oleg Kononenko ösüşiň belentliklerine tarap barýan Türkmenistanyň kosmos giňişligini özleşdirmek işine işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Bu bolsa ýurduň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşiniň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Oleg Kononenko hemişe doglup-ösen ýurdy Türkmenistana şatlyk we tolgunma bilen gelýändigini, taryhy Watanynyň gazanan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Ol Türkmenistany bagtyýarlygyň we abadançylygyň ýurdy diýip häsiýetlendirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we kosmonawt birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Oleg Kononenko Ýu.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň federal döwlet býujet edarasy bolan Ylmy-barlag synag merkeziniň direktory we kosmonawtlar toparynyň serkerdesidir. Ol Türkmenistanda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

















