Balkanabat we Mary şäherlerinde täze saglygy goraýyş edaralary açyldy

BT
Balkanabat we Mary şäherlerinde täze saglygy goraýyş edaralary açyldy
Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň açylyş dabarasyndan pursat, 2026-njy ýylyň 12-nji oktýabry. (Surat: Turkmenmetbugat)

Balkanabat şäherinde täze Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Mary şäherinde bolsa 1-nji şäher saglyk öýüniň düýpli täzelenen binasy ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi dört we bäş gatly binalardan ybarat bolup, 305 ýatymlaýyn orun üçin niýetlenendir. Olaryň 50-si dogrum we dogrumdan soňky bölüme, 50-si ginekologiýa bölümine, 80-i bäbekler bölümine, 10-sy bolsa täze doglan bäbekler üçin anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine degişlidir. Merkezde şeýle hem kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we barlaghana bölümleri bar.

Welaýatda ilkinji gezek täze doglan bäbekler üçin 10 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi döredildi. Bölüm wagtyndan öň doglan çagalara seretmek üçin Wengriýanyň "Medicor" kompaniýasynyň “Babylife BLF-2001” enjamy bilen üpjün edildi. Bu enjam bäbek üçin ene göwresindäki ýaly şertleri döredýär. Germaniýanyň “Proview-12” monitory bolsa bäbegiň dem alyşyny, bedeniniň gyzgynlygyny we gan basyşyny yzygiderli barlamaga mümkinçilik berýär. Merkeziň operasiýa otaglary kompýuter we magnit-rezonans tomografiýa, mammografiýa, flýurografiýa ýaly häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Merkeziň gurluşygyny "Şadyýan gurluşyk" hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatyň habar bermegine görä, Balkanabatdaky täze merkeziň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2026–2030-njy ýyllar üçin kabul edilen “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” Milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Mary şäherinde bolsa 1-nji şäher saglyk öýüniň durky düýpli täzelenen iki gatly binasy açyldy. Onda maslahat beriş-anyklaýyş, fizioterapiýa, barlaghana, şöhle bilen anyklaýyş, ultrases barlag, endoskopiýa we beýleki bölümler, şeýle hem maşgala lukmanlarynyň otaglary ýerleşýär. Saglyk öýi özüne berkidilen çäkde ýaşaýan ilata saglygy goraýyş hyzmatlaryny berer. Binanyň gurluşyk we abatlaýyş işlerini «Yhlasa ynam» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.

Açylyş dabaralarynda binalaryň gurluşygynda yhlasly zähmetleri bilen tapawutlanan ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Balkanabatdaky merkeze ýöriteleşdirilen awtoulaglar, Mary şäheriniň 1-nji şäher saglyk öýüne bolsa rentgen-flýurografiýa enjamy oturdylan «Mercedes-Benz» kysymly göçme lukmançylyk awtoulagy sowgat berildi.

2022
ENG TM РУС