Daşoguz şäheriniň “Gülüstan” ýaşaýyş toplumynda 240 orunlyk täze çagalar bagy ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän bu desga “Mäkäm” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, umumy meýdany takmynan iki ýarym gektar bolan çagalar bagynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde çagalara daşary ýurt dillerini öwretmek, hereketli oýunlary oýnamak, döredijilik bilen meşgullanmak hem-de kompýuter tehnikasyndan peýdalanmak başarnyklaryny öwretmek üçin ähli zerur mümkinçilikler doly göz öňünde tutulandyr.
Iki gatly bina 12 topar üçin niýetlenip, otaglaryň her biri egin-eşik çalşylýan otagdan, nahar paýlamak bölüminden, oýun we ýatylýan otaglardan ybaratdyr. Şeýle hem çagalar bagynda aýdym-saz zaly, suwda ýüzmek üçin ýapyk howuz, aşhana, kir ýuwulýan bölüm hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk işgärleriniň otaglary bar.
Abadanlaşdyrylan çäkde beton örtükli ýodalar çekilip, arassa howada dynç almak we oýun oýnamak üçin tomusky eýwanlar, oýun we çäge meýdançalary gurulandyr. Bulardan başga-da, gök önümleri we ir-iýmişleri ekmek üçin ýörite meýdança, hojalyk meýdançasy we beýleki zerur desgalar göz öňünde tutulandyr.
Habarda bellenilmegine görä, “Gülüstan” ýaşaýyş toplumynda ozal hem döwrebap çagalar bagy we umumybilim berýän orta mekdep ulanylmaga berlipdi. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda ozaldan hereket edýän käbir desgalaryň durkuny täzelemek, olary okuw-terbiýeçilik işi üçin zerur enjamlar hem-de serişdeler bilen üpjün etmek işleri geçirildi.

















