Bakuwda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary sebit hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

BT
Bakuwda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary sebit hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabry, Baku, Azerbaýjan (Surat:Azerbaýjanyň DIM-i)

Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri duşuşyp, sebit hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem üç ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmegiň hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny giňeltmek we üç döwletiň bar bolan mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň hem-de Merkezi Aziýany Kawkaz we dünýäniň beýleki sebitleri bilen baglanyşdyrýan halkara ulag geçelgelerini pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС