Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine awtoulaglar gowşuryldy

BT
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine awtoulaglar gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine sowgat berlen awtoulaglar (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli çözgüdi esasynda satyn alnyp, täze awtoulaglar sowgat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde penşenbe güni habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň yzygiderli aladalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Komitete 2026-njy ýylda öndürilen “Toyota” kysymly awtoulaglaryň gowşurylmagy bolsa, bu ugurda zähmet çekýän işgärleri has-da begendirdi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleri döwlet Baştutanynyň Şa serpaýyny uly hoşallyk bilen kabul etdiler. Täze awtoulaglar komitetiň işini has netijeli guramaga, onuň düzüm birlikleriniň işini ýeňilleşdirmäge hem-de gulluk işlerinde ulag üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ýurtda telewideniýe we radio ýaýlymlarynyň işini guramak, milli telewideniýe gepleşiklerini we dürli maksatly filmleri taýýarlamak, şeýle hem ilaty ygtybarly maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça işleri alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022