Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň täze Tertibi tassyklanyldy. Täze Tertibe laýyklykda, oba hojalykçylara onda görkezilen maksatlar üçin ýyllyk 1 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete karzlar berler.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustyndaky 280-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan Tertip 16-njy sentýabrda ministrlikde 1968 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Tertibe laýyklykda, ýeňillikli karzlar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we enjamlaryny, şol sanda ekskawatorlary, buldozerleri, suwy tygşytlaýjy enjamlary, suwaryş geçirijilerini we transformatorlary satyn almak üçin berler. Şeýle hem karz serişdeleri maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdiriler.
Karzlardan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary, ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we kärendeçiler, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy telekeçiler peýdalanyp bilerler.
Karz almak üçin ýüz tutýanlar maliýeleşdiriljek taslamanyň azyndan 15 göterimini öz serişdeleriniň hasabyna üpjün etmeli. Karz edarasy zerur resminamalar tabşyrylandan soň, karz bermek baradaky çözgüdi 15 iş gününiň dowamynda kabul edýär.
Tertipde beýan edilmedik düzgünler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

















