Türkmen manadynyň 33 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

BT
Türkmen manadynyň 33 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler
Türkmen manadynyň dolanşykdaky banknotlary

Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň hatarynda “Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny, bank ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri we bu ugurda gazanylýan üstünlikleri beýan etmek beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022