“Türkmengaz” konsernine "SENSIA Solutions" kompaniýasynyň metan zyňyndylaryny anyklaýjy enjamlary gowşuryldy

BT
“Türkmengaz” konsernine "SENSIA Solutions" kompaniýasynyň metan zyňyndylaryny anyklaýjy enjamlary gowşuryldy
“Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi” taslamasynyň çäklerinde LDAR tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we enjamlary gowşurmak çäresi, 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabry (Surat: Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

“Türkmengaz” döwlet konsernine "Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howa boýunça hereketler” taslamasynyň çäklerinde metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak üçin niýetlenen enjamlar gowşuryldy. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ GmbH) tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde enjamlary gowşurmak dabarasy 19-njy oktýabrda döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda geçirildi. Bu barada THP habar berýär.

Gowşurylan enjamlaryň hatarynda Ispaniýanyň "SENSIA Solutions" kompaniýasynyň metan ýaly gazlaryň zyňyndylaryny hakyky wagtda ýüze çykarmak üçin infragyzyl tehnologiýany ulanýan gazy optiki şekillendirmek üçin niýetlenen göçme kamerasy bar. Enjamlaryň gowşurylmagy syzmalary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak (LDAR) ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri üçin enjamlar bilen işlemek we LDAR tehnologiýalaryny ulanmak, şol sanda lazer skanerlerinden we termowizorlardan peýdalanmak boýunça amaly okuw guraldy.

Dabara Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Masiej Madalinskiý we institutyň direktory Baýrammyrat Pirniýazow gatnaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, taraplaryň wekilleri enjamlaryň gowşurylandygyny degişli teswirnama bilen resmileşdirdiler.

Dabarada çykyş eden Petra Dahtler howanyň goragyny üpjün etmek üçin nebit we gaz çykarylanda metan zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini belledi. Türkmenistan Pariž howa ylalaşygyna we metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen Ählumumy Metan borçnamasyna gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС