Kerki–Kabul elektrik geçirijisiniň Daşt-e Alwan bekedinden Kabul welaýatyndaky Argandi elektrik bekedine çenli bölegini 2027-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamasy boýunça müdiri Myrat Artykow 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän "Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Myrat Artykowyň bellemegine görä, umumy uzynlygy 711 kilometre deň bolan 500 kV elektrik geçirijisiniň Şybyrgan–Daşt-e Alwan böleginiň ýakyn aýlarda tamamlanmagyna garaşylýar. Taslamanyň indiki tapgyry Daşt-e Alwan bekedinden Kabul welaýatyndaky Argandi elektrik bekedine çenli aralygy öz içine alýar.
Elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bellenilişi ýaly, taslama doly işe girizilenden soň, Türkmenistan Owganystana 800 megawata çenli elektrik energiýasyny iberip, Kabulyň sarp edijilerini elektrik energiýa isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply bolar.
TOP taslamasynyň çäklerinde şu güne çenli oňa gatnaşýan ýurtlaryň we maýadarlaryň arasynda 50-den gowrak resminama gol çekildi. Owganystanyň çäginde alnyp barylmaly işleri dowam etdirmek maksady bilen, ýakyn geljekde Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda degişli ýol kartasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

















