TOPH geçirijisiniň Owganystan bölegi boýunça gaz ibermek 2027-nji ýylda başlanar

BT
TOPH geçirijisiniň Owganystan bölegi boýunça gaz ibermek 2027-nji ýylda başlanar
TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygy. (Surat: “Altyn Asyr” elektron gazeti)

Türkmenistan 2027-nji ýylda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystan bölegi arkaly tebigy gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde aýtdy.

TOPH türkmen tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana ibermäge niýetlenen halkara gaz geçirijisidir. Maksat Babaýewiň aýtmagyna görä, gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre çenli ýetip, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni Serhetabatdan Hyrada çenli uzalýan Owganystan böleginiň gurluşygyny alyp barýar. Onuň aýtmagyna görä, işler bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.

Maksat Babaýew bu taslamanyň diňe bir energetika infrastrukturasynyň däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmagyň hem möhüm şerti hökmünde görülýändigini belledi. Şeýle hem 10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparynyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Afgan gaz” döwlet kompaniýasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Hyrat welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan gündogar, günorta we günbatar ugurlary boýunça eksport ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny dowam etdirýär. Ol ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş bolup galýandygyny belledi.

Şeýle hem Babaýew energetika kompaniýalarynyň netijeli işlemeginde sanly tehnologiýalaryň, awtomatlaşdyryş ulgamlarynyň we döwrebap dolandyryş çözgütleriniň ähmiýetiniň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserni awtomatlaşdyryş, sanly modelleşdirme, gaz känlerini sanly çözgütler esasynda dolandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda öňdebaryjy tejribesi bolan halkara tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022