Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy

BT
Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan (Surat: www.iletisim.gov.tr)

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammitine bagyşlanan “Türki dünýäsiniň asyry: raýdaşlykdan integrasiýa tarap” atly makalasynda türki dünýäsiniň ägirt uly mümkinçiliklerini umumy maksatlara gönükdirmäge, anyk netijeler arkaly agzybirligi pugtalandyrmaga we geljekki nesillere has kuwwatly türki dünýäsini mirasyny galdyrmaga çagyrdy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Ärdoganyň bellemegine görä, Ankara şäherinde “Türki asyr: dilde, pikirde, işde birlik” şygary bilen geçiriljek sammitde türki döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berler. Sammitiň çäklerinde Türkiýe nobatdaky başlyklygy Azerbaýjandan kabul edip alar.

Makalada ykdysady bitewülik türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär. Ärdogan Hazar deňziniň üstünden geçýän Gündogar–Günbatar Orta geçelgesiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda we ulag arabaglanyşyklaryny ösdürmek üçin möhüm mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şeýle hem ol ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, Türki maýa goýum gaznasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga we energiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Türkiýäniň döwlet Baştutany öz makalasynda medeniýet, bilim we tehnologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berip, umumy türki elipbiýi baradaky başlangyjy ilerletmegiň, uniwersitetleriň we alymlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň, ýaşlaryň türki döwletlerde bilim almagyna mümkinçilik döretmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol emeli aň döwründe türki dilleriň mynasyp ornuny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Makalanyň ahyrynda Türkiýäniň Prezidenti XXI asyryň “Türki dünýäsiniň asyry” boljakdygyna ynam bildirip, umumy maksatlaryň anyk netijelere öwrülmeginiň türki döwletleriň abadançylygyna, ösüşine we sebitdäki parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022