Ýanwar-sentýabr aýlarynda Täjigistan Türkmenistandan $127,4 millionlyk haryt import etdi

BT
Ýanwar-sentýabr aýlarynda Täjigistan Türkmenistandan $127,4 millionlyk haryt import etdi
Haryt ammarynyň terminalyndaky ýük awtoulaglary. (Surat: yuz.uz)

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň hasabatynda görkezilişi ýaly, Täjigistan 2026-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistandan 127,4 million ABŞ dollary möçberinde haryt import etdi. Hasabat döwründe Türkmenistan Täjigistanyň umumy importynyň 1,5 göterimini üpjün edip, import ediji ýurtlaryň sanawynda Germaniýadan (1,8%) we Ýaponiýadan (1,3%) soňra üçünji orny eýeledi.

Täjigistanyň esasy haryt üpjün edijileriniň hatarynda Hytaý (28%), Russiýa (20,9%) we Gazagystan (12,5%) öňdäki orunlary eýeläp, şol sanda Şweýsariýa (6%), ABŞ (5,1%) we Özbegistan hem Täjigistana import ediji ýurtlaryň hataryna (4,8%) girýär.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 128,5 million ABŞ dollaryna deň bolup, şol döwürde Täjigistanyň Türkmenistana eksportynyň möçberi 1,09 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurduň umumy daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 10,65 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,6 göterim ýa-da 2,8 milliard dollar ýokarlanyp, Hytaý (eksportyň 30,5 göterimi), Şweýsariýa (23,5%) we Özbegistan (9,2%) Täjigistanyň harytlary üçin esasy eksport bazarlary boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022