Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuks, 2026-njy ýylyň 3-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutany Awstriýanyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýete eýedigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow parlament diplomatiýasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşant goşýandygy, ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlary üçin öňdebaryjy enjamlary satyn almak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022