Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

BT
Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabry (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni uzynlygy 546 kilometre deň boljak Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze ýol paýtagty ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirip, geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Taslama laýyklykda, awtomobil ýoly Aşgabat şäherindäki Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanyp, Daşoguz şäherine çenli uzalar. Täze ýoluň gurluşyk işleri ýoluň hereket zolagynyň sany boýunça tapawutlanýan dört böleginde alnyp barlar. Ýoluň ilkinji 9 kilometrinde sekiz hereket zolagy, 9–48-nji we 527–546-njy kilometr aralyklarynda alty, 48–527-nji kilometr aralygyndaky esasy böleginde bolsa dört hereket zolagy göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň çäklerinde “Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köpriniň gurulmagy, şeýle hem hereket edýän dokuz köpriniň durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýär. Ýoluň ugrunda 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga we ýedi sany ýol gözegçilik nokady ýerleşdiriler. Mundan başga-da, ulag hereketine gözegçilik etmek üçin wideo gözegçilik we tizligi ölçeýji ulgamlar oturdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze awtomobil ýoly ýurduň ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ulag gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam berer.

2022