Aşgabat şäherindäki "Berkarar" söwda merkezinde 2026-njy ýylyň 8-nji noýabrynda SOKOLOV şaý-sepler brendiniň täze dükanynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Kompaniýa 1993-nji ýylda Russiýada esaslandyrylyp, häzirki wagtda onuň öz önümçilik kärhanasy, gymmat bahaly metallary arassalaýjy zawody we Russiýada hem-de GDA ýurtlarynda birnäçe dükanlary bar. Brendiň önümleriniň hatarynda gymmat bahaly daşlar bilen bezelen altyn we kümüş şaý-sepler, sagatlar, şeýle hem kosmetika önümleri we sumkalar bar.
Brend häzirki zaman moda isleglerinden ugur alyp, şaý-sepleriň täze kolleksiýalaryny yzygiderli hödürleýär. Onuň önümleriniň ýokary hiliniň esasy syry bolsa öňdebaryjy tehnologiýalaryň birnäçe nesil bäri zergärçilik bilen meşgullanýan maşgalalardan bolan ussalaryň inçe el zähmeti bilen utgaşdyrylmagydyr.
SOKOLOV täze dükanyň açylyşynyň hormatyna alyjylara sowgat hökmünde ähli şaý-seplere, şol sanda täze kolleksiýalara hem 30 göterim arzanladyş hödürleýär.
Bu aksiýa çäkli wagtyň dowamynda hereket eder we diňe täze dükanyň açylyşy mynasybetli geçirilýär.















