Türkmenistanyň we Gazagystanyň telekeçileri işewürlik hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Gazagystanyň telekeçileri işewürlik hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny maslahatlaşdylar
Gazagystan-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň Almaty şäherinde geçirilen üçünji mejlisi, 2026-njy ýylyň 10-njy noýabry. (Surat: kazcic.kz)

Almaty şäherinde 10-njy noýabrda Türkmenistan – Gazagystanyň Işewürlik geňeşiniň üçünji mejlisi geçirilip, onda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we elektron söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary söwda palatasy habar berýär.

“Atameken” Sebitleýin telekeçiler palatasynyň binasynda geçirilen çärä iki ýurtdan 50-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, onlaýn görnüşde hem alty sany türkmen kompaniýasy goşuldy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryş geňeşiniň agzasy Begenç Arazow ýolbaşçylyk etdi.

Begenç Arazow türkmen telekeçileriniň gazak kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, aýratyn hem gurluşyk, ulag-logistika we oba hojalygyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şeýle hem oba hojalygynda Işewürlik geňeşiniň howandarlygynda Agrobiznes merkezini döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelelerine hem aýratyn üns berildi. Bu ugurda “Halkara Türkmen Logistik” kompaniýasy bilen Gazagystanyň Awtomobil daşaýjylary we ekspeditorlary birleşigi multimodal daşamalary we üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak boýunça bilelikde işleri alyp bararlar. Şeýle hem “Silk Way Asia” taslamasynyň ýolbaşçysy Gülmira Jumagalyýewa daşary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge niýetlenen elektron söwda meýdançasyny tanyşdyrdy.

Mundan başga-da mejlisiň dowamynda gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky meseleleri has giňişleýin öwrenmek üçin aýratyn wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirmek we gazak gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Arkadag şäherine iş saparyny guramak meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň iş maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanyň Eksport-karz agentliginiň wekili eksportçylary goldamak we iki ýurduň arasyndaky söwdany höweslendirmek boýunça mehanizmler barada maglumat berdi. Şeýle hem syýahatçylyk we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlis kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda haryt ibermek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça geçirilen ikitaraplaýyn B2B duşuşyklary bilen tamamlandy. Begenç Arazow Işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisini 2027-nji ýylyň martynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çäreleriniň çäklerinde geçirmek teklibini öňe sürdi.

2022
ENG TM РУС