Gyrgyzystan ýük daşamalarynda Türkmenbaşy portunyň ulanylyşyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

BT
Gyrgyzystan ýük daşamalarynda Türkmenbaşy portunyň ulanylyşyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow bilen Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Erlist Akunbekowyň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy noýabry

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow penşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistanda bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Erlist Akunbekow bilen duşuşdy. Duşuşykda ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamakda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda gyrgyz tarapy Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny guramakda Türkmenbaşy portundan has giňden peýdalanmaga gyzyklanma bildirdi. Erlist Akunbekow Gyrgyzystanyň öz ýükleriniň Hazar sebitine we Ýewropa çykmagyny üpjün etmekde Türkmenistana möhüm üstaşyr hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.

Duşuşykda “Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan” demir ýolunyň gurluşygy meselesine hem garaldy. Habarda bellenilişi ýaly, bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa ugry boýunça multimodal ulag geçelgesini döretmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açar. Bu ugruň durmuşa geçirilmegi ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga, harytlary eltip bermegiň möhletlerini gysgaltmaga we halkara ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar halkara ýük daşamalary, logistika infrastrukturasyny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022