"Türkmengaz" girdejisi boýunça Merkezi Ýewraziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň onlugyna girdi

BT
"Türkmengaz" girdejisi boýunça Merkezi Ýewraziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň onlugyna girdi
"Türkmengaz" döwlet konserniň "Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 29-njy halkara sergisindäki diwarlygy, 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Türkmengaz" DK)

"Türkmengaz" döwlet konserniniň girdejisi 8 milliard dollara deň bolup, CEBA Top 500 indeksine laýyklykda, 2025-nji ýylda girdejisiniň möçberi boýunça Merkezi Ýewraziýanyň iň iri kompaniýalarynyň sanawynda ýedinji orny eýeledi.

Bu indeks Merkezi Ýewraziýanyň dokuz ýurdundan 500 kompaniýany öz içine alyp, "Central Eurasia Business Associates" (CEBA) maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Bu kompaniýalaryň umumy girdejisi deslapky hasaplamalara görä, takmynan 400 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

Sanawda 50,8 milliard dollarlyk girdejisi bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy SOCAR öňdeligi eýeledi. Gazagystanyň "Tengizchevroil" we "KazMunayGaz" kompaniýalarynyň girdejileri bolsa degişlilikde 20 milliard we 18 milliard dollara deň boldy.

Bu sanawdaky iň iri 10 kompaniýanyň sekizisi nebitgaz pudagynda iş alyp baryp, ilkinji onluga giren kompaniýalaryň umumy girdejisi CEBA Top 500 sanawyna girizilen ähli kompaniýalaryň umumy girdejisiniň üçden birinden gowragyna deňdir.

2022