Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

BT
Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2026-njy ýylyň 25-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi).

Türkmenistanyň döwlet edaralary we kärhanalary çarşenbe güni deňiz ulaglary, port işi, demir ýol ulaglary we logistika ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alty sany hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler. Resminamalar 24–26-njy noýabrda Aşgabatda geçirilýän V Halkara logistika forumynyň we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026” (ITTC 2026) atly serginiň, şeýle hem “Türkmentel – 2026” atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde baglaşyldy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) “GmbH” we Fransiýanyň “Halkara ösüş we hyzmatdaşlyk” agentligi (Expertise France) bilen deňiz ulaglary we port işi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ähtnama baglaşdylar. Resminama Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň hem-de ÝB, Germaniýa we Fransiýa tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän “Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek” maksatnamasynyň çäklerinde gol çekildi.

“Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň “Bureau Veritas Marine Kazakhstan” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen inžener-tehniki işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we tehniki gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýan Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi hem Germaniýanyň “Vossloh Fastening Systems GmbH” we Hytaýyň “CRRC Nanjing Puzhen Co., Ltd.” kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama baglaşdylar.

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Özbegistanyň “Barakat Rail” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti we “TEMIRYO‘LKARGO” paýdarlar jemgyýeti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Ozal habar berlişi ýaly, sişenbe güni hem Aşgabatda geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde aragatnaşyk, sanly tehnologiýalar, port işi we awiasiýa ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

2022
ENG TM РУС